«BURKUT» süýjileri gazagystanlylarda üstünlige eýe boldy.

«BURKUT» konditer fabrikasy, Gazagystanyň paýtagtynda 29-31-nji maýda, «Korme» halkara sergi merkezinde geçirlen «Interfood Astana 2018» 20-nji halkara sergisinde öz konditer önümlerini görkezdi.

Gözden geçirişe dünýäniň 11 döwletlerinden 80-den gowrak kompaniýalar gatnaşdy: Azerbeýjan, Belarus, Germaniýa, Indoneziýa, Gazagystan, Hytaý, Koreýa, Gyrgyzystan, Russiýa, Türkmenistan we Özbegistan. «InterFood Astana» tapawutly aýratynlygy – pudagyň üstünliklerini görkezmegiň toplumlaýyn çemeleşmesi – iýmit önümlerinden tehnologiýalara we önümçilik enjamlara çenli.

Türkmen süýjüleri serginiň köpsanly myhmanlarynyň ünsüni çekdi – ananas, pyrtykal, alma, ülje, malina, banan, garpyz, ýer tudanasy, gawun, şetdaly dürli miwe tagamly suwly, ýumşak çeýnelýän «Dürdäne» karameli, şeýle hem şokolad, kakao, gaýmak, funduk we kapuçino tagamly «Läle fam» süýtli iris.

Serginiň çäklerinde «BURKUT» kärhananyň hünärmenleri öz önümlerini görkezdiler, şeýle hem Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolan hyzmatdaşlary bilen duşuşyk geçirdiler. Netijesi özüni garaşdyrmady – häzirki wagt türkmen karamelini Gazagystanyň bazaryna eltmeler barada gepleşikler alnyp barylýar.

«BURKUT» konditer fabrigi – Türkmenistanda importyň ýerini tutýan önümçilik boýunça Döwlet maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda bir ýyldan hem az bolan möhletde döredilen häzirki zaman importyň ýerini tutýan önümçilik bolup durýar. Konditer önümleriniň ýeterlik derejede ösen ýerli bazarda kärhananyň üstünlikli başlangyjynyň esasy syrlarynyň biri ekologiki taýdan arassa önümleriniň önümçiligi bolup durýar. Süýjiler konserwantsyz, diňe ekologiki taýdan arassa çig maldan ýewropa önümçiliginiň häzirki zaman ýokary tehnologiki enjamlarynda öndürilýär.

«BURKUT» kärhanasynyň konditer önümleri ISO 9001:2015 we ISO 22000-2005 standartlarynyň halkara ulgamy boýunça sertifikatlaşdyrylan. Fabrigiň kuwwaty – aýda 300 tonna bolup durýar, satyn alyjylyk islege baglylykda ol has hem artdyryp bilner.

Kärhananyň ösüş ugry önümleriň görnüşlerini tapgyrlaýyn artdyrmak we onuň hilini ýokarlandyrmak, özboluşly görnüşlerini hemişeki gözlegi göz öňüne tutýar. Häzirki wagt hünärmenler gaty karamel süýjisiniň täze görnüşlerini işläp taýýarlaýarlar.