Türkmen telekeçileri höwes bilen Welosipediň bütindünýä gününi bellediler.

3-nji iýunda köp ýurtlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assembleýasynyň Karary bilen döredilen Welosipediň bütindünýä güni ilkinji gezek bellenildi.

Döwlet baştutanymyzyň teklibi bilen biziň ýurdumyzda Welosipediň bütindünýä güni nobatdaky awtoulagsyz Gününe gabat getirildi, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi watandaşlary bilen bilelikde köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy.

Dürli ýaşly we kärli adamlary özünde jemlän welosipedçileriň hatarynda, köpçülikleýin sport baýramçylygyna eýýäm birnäçe gezek gatnaşan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri hem gatnaşdy.

Soňky ýyllarda TSTB-de, telekeçileriň has köp sanyny özüne çekip, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmeklik oňat adata öwrüldi. Sport ýaryşlaryna gatnaşmak diňe raýatlaryň saglygyny berkitmäge ýardam etmän, eýsem olary jebisleşdirmäge, olarda bäsleşige ukyply gurşawyň we hyzmatdaşlygyň ruhuny saklamaga ýakyndan ýardam edýär.