TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesi hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 2, 42-madda)
(26.08.2017 ý. № 604-V; 04.11.2017 ý. № 636-V Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işiniň hukuk, guramaçylyk, ykdysady esaslaryny kesgitleýär we Türkmenistanda telekeçiligi ösdürmekde onuň ornuny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
1-nji bap. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, "Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundakydan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
2-nji madda. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
1. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (mundan beýläk – Birleşme) öz agzalarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini beýan etmäge we goramaga, Türkmenistanda telekeçiligiň ösmegine goldaw bermäge hyzmat edýän, eýeçiligiň hususy görnüşi esasynda telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslary (mundan beýläk – Birleşmäniň agzalary) birleşdirýän jemgyýetçilik guramasy bolup durýar.
2. Birleşme telekeçi däl ýuridik şahs bolup durýar.
3. Birleşme eýeçilik hukugynda özüne degişli aýrybaşgalanan emläge eýelik edýär, öz borçnamalary boýunça şol emläk bilen jogap berýär, öz adyndan emläk we şahsy emläk däl hukuklary edinip we jogapkärçilikleri çekip, kazyýetde talapkär we jogapkär bolup biler.
Birleşme öz agzalarynyň borçnamalary boýunça jogapkär däldir we Birleşmäniň agzalary hem Birleşmäniň borçnamalary boýunça jogapkär däldirler.
4. Birleşmäniň döwlet dilindäki doly ady bardyr we ol gysgaldylan adyny edinmäge haklydyr.
Birleşme, şeýle-de daşary ýurt dilleriniň birindäki doly we (ýa-da) gysgaldylan ady edinmäge haklydyr.
"Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi" diýen sözler diňe Birleşmäniň ulgamyna girýän kärhanalar we guramalar tarapyndan peýdalanylyp bilner.
5. Birleşmäniň öz nyşany we "Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi" ýazgysy bolan möhüri bardyr.
6. Aşgabat şäheri Birleşmäniň ýerleşýän ýeri bolup durýar.
2-nji bap. BIRLEŞMÄNIŇ MAKSATLARY, ESASY
WEZIPELERI WE IŞLERI
3-nji madda. Birleşmäniň maksatlary we esasy wezipeleri
1. Şular Birleşmäniň maksatlary bolup durýar:
1) ykdysadyýetiň we bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam etmek;
2) häzirki zaman senagat we telekeçilik infrastrukturasyny emele getirmek, ykdysadyýetiň hususy sektoryny ösdürmek;
3) täze iş ýerlerini döretmek, ilatyň iş bilen üpjünçiligini we telekeçilik işjeňligini ýokarlandyrmak.
2. Şular Birleşmäniň esasy wezipeleri bolup durýar:
1) Birleşmäniň agzalarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak;
2) senagat we beýleki önümçilik düzümlerini, tehnoparklaryň, tehnopolisleriň, täjirçilik-inkubatorlaryň ulgamlaryny, önümçilik-tehniki merkezlerini, innowasiýa işiniň merkezlerini we gaýry bazar düzümlerini döretmäge ýardam bermek;
3) agrosenagat toplumynyň we ykdysadyýetiň oba hojalyk sektorynda telekeçiligiň ösmegine ýardam bermek;
4) Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliginiň ösmegine ýardam bermek;
5) importyň ýerini tutýan we eksporta niýetlenen önümiň we tehnologiýalaryň täze görnüşleriniň önümçiligini we bazara çykarylmagyny goldamak;
6) telekeçiligiň subýektlerine, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünärlerini ýokarlandyrmakda, şol sanda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda hünärmenleriň hünärmençilik okuwyny we stažirowkasyny guramak arkaly ýardam bermek;
7) Birleşmäniň agzalarynyň-telekeçiligiň subýektleriniň daşary ykdysady işe, sebitara hyzmatdaşlyga gatnaşmaklaryna, şeýle hem olaryň eksport mümkinçiliginiň artmagyna ýardam bermek;
8) jemgyýetiň we döwletiň ykdysady we sosial ösüşiniň has möhüm meseleleri boýunça Birleşmäniň agzalarynyň tutýan ornuny emele getirmek;
9) Birleşmäniň agzalarynyň harytlarynyň (işleriniň, hyzmatlarynyň) döwlet tarapyndan satyn alynmagyna gatnaşmagyny üpjün etmek.
4-nji madda. Birleşmäniň işleri
1. Birleşme şu Kanunda kesgitlenilen maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda şu aşakdaky işleri amala aşyrýar:
1) Birleşmäniň agzalarynyň adyndan hereket edýär we olaryň döwlet häkimiýet edaralary, Türkmenistandaky we onuň çäginden daşardaky beýleki ýuridik şahslar bilen gatnaşyklarynda olaryň kanuny bähbitlerine ynanç hatsyz wekilçilik edýär;
2) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we möçberlerde döwlet edaralarynyň çözgütlerini işläp düzmäge gatnaşýar;
3) ykdysadyýetiň döwlete degişli däl sektorynyň ösüş maksatnamalarynyň jemgyýetçilik bilermenler seljermesini amala aşyrýar;
4) öz ygtyýarlylygyna girýän meseleler boýunça Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamaga gatnaşýar;
5) telekeçiligiň, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň ýagdaýyny seljerýär, Türkmenistanda ony ösdürmegiň höweslendiriliş çäreleri hakynda teklipleri işläp düzýär;
6) umumy döwlet ylmy-barlag işlerine we işläp düzmelere gatnaşmagyny hem goşmak bilen, ylmy we innowasiýa telekeçilik işini ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryna gatnaşýar;
7) döwlet emläginiň döwletden aýrylmagynyň we hususylaşdyrylmagynyň döwlet maksatnamasyna gatnaşýar;
8) täze senagat we beýleki önümçilik düzümlerini, tehnoparklaryň, tehnopolisleriň, täjirçilik-inkubatorlaryň ulgamlaryny, önümçilik-tehniki merkezlerini, innowasiýa işiniň merkezlerini we gaýry bazar düzümlerini döretmek boýunça çäreleri amala aşyrýar;
9) Birleşmäniň agzalarynyň arasyndaky jedellere kazyýetde seredilmezden öň seretmegi amala aşyrýar;
10) hukuk, ykdysady, statistik we şol sanda daşary ýurt tejribesini özünde jemleýän gaýry maglumatlary özünde saklaýan maglumatlar binýadyny döredýär;
11) maglumatlar tehnologiýalaryny ulanmak bilen Birleşmäniň agzalaryna-telekeçiligiň subýektlerine, şeýle hem telekeçiligiň daşary ýurtly subýektlerine hukuk kömegini we konsalting hyzmatlaryny edýär;
12) işjeň önümçilik, maýa goýum we daşary ykdysady iş üçin şertleriň döredilmegine ýardam edýär;
13) sergileriň, ýarmarkalaryň, seminarlaryň, konferensiýalaryň, forumlaryň we gaýry jemagatçylyk çäreleriniň, şol sanda daşary ýurtlarda taýýarlanmagyna we geçirilmegine gatnaşýar, ol çärelere Birleşmäniň agzalarynyň gatnaşmagyny üpjün edýär;
14) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda halkara guramalary, daşary ýurt döwletleriniň senagatçylarynyň we telekeçileriniň jemgyýetçilik birleşikleri we beýleki ýuridik şahslary bilen gatnaşyklary ýola goýýar we ösdürýär;
15) öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga işleri amala aşyrýar.
5-nji madda. Birleşmäniň işiniň ýörelgeleri
1. Birleşmäniň işi jemgyýetçilik we döwlet bähbitleriniň utgaşdyrylmagynyň, kanunylygyň we aýanlygyň ýörelgelerine esaslanýar.
2. Birleşme öz işini şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, Birleşmäniň Tertipnamasyna laýyklykda amala aşyrýar.
3. Birleşme telekeçilik işini diňe tertipnamalaýyn işleriniň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly amala aşyrýar we peýdany öz agzalarynyň arasynda paýlamaýar.
6-njy madda. Birleşmäniň we döwletiň özara gatnaşyklary
1. Döwlet Birleşmäniň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegini üpjün edýär.
2. Birleşme döwletiň borçnamalary boýunça jogapkär däldir we döwlet hem Birleşmäniň borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekmeýär, olaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz üstüne şeýle borçnamalary alan halatlary muňa degişli däldir.
3-nji bap. BIRLEŞMÄNIŇ DÖREDILMEGI, ÜÝTGEDILIP
GURALMAGY, IŞINI BES ETMEGI WE ÝATYRYLMAGY
7-nji madda. Birleşmäni döretmegiň umumy şertleri
1. Birleşme azyndan 250 agzasynyň-esaslandyryjysynyň başlangyjy boýunça döredilýär.
2. Eýeçiligiň hususy görnüşi esasynda telekeçilik işini amala aşyrýan Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň fiziki we ýuridik şahslary Birleşmäniň agzalary bolup bilerler.
3. Birleşmäniň Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslandyryjy resminamalary bardyr.
4. Birleşmäniň bellige alynmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.
Birleşme Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna hökmany goşulmaga degişlidir.
5. Birleşmäniň agzalary möçberleri Birleşmäniň Tertipnamasyna laýyklykda onuň Konferensiýasy tarapyndan tassyklanylýan giriş we her ýylky agzalyk gatançlary töleýärler.
Birleşmeden çykan halatynda onuň agzalarynyň tölän giriş we agzalyk gatançlary, şeýle hem goşan meýletin gatançlary yzyna gaýtarylmaýar.
6. Birleşme Birleşmäniň agzalaryny bellige almaklygy Birleşmäniň Müdiriýeti tarapyndan bellenilen görnüşde Birleşmäniň agzalarynyň sanawyna goşmak arkaly amala aşyrýar.
7. Birleşmede agza bolmak şulara hukuk berýär:
1) Birleşmäniň Konferensiýasynyň we Birleşmäniň beýleki dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygyna girýän meseleler boýunça çözgütleri kabul etmäge gatnaşmaga;
2) Birleşmäniň Tertipnamasyna laýyklykda Birleşmäniň dolandyryş edaralarynyň düzümine saýlanmaga;
3) Birleşme tarapyndan telekeçilik işiň goldanylmagyna, hukuklaryň we kanuny bähbitleriň goralmagyna, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet tarapyndan goldanylmagyna.
8-nji madda. Birleşmäniň Tertipnamasy
1. Birleşmäniň Tertipnamasy onuň esaslandyryjy resminamasy bolup durýar.
2. Birleşmäniň Tertipnamasynda şular bolmalydyr:
1) Birleşmäniň ady, ýuridik salgysy;
2) Birleşmäniň maksatlary, wezipeleri we işleri;
3) Birleşmäniň agzalygyna kabul etmegiň we ondan çykarmagyň şertleri we tertibi;
4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Birleşmäniň esaslandyryjylary hakynda maglumatlar;
5) Birleşmäniň agzalarynyň hukuklary we borçlary;
6) Birleşmäniň ýolbaşçy edaralarynyň ygtyýarlylygy we dörediliş tertibi, şeýle hem olaryň ygtyýarlyklarynyň möhletleri;
7) Birleşmäniň pul serişdeleriniň we gaýry emläginiň emele geliş çeşmeleri, Birleşmäniň emlägini dolandyrmak boýunça hukuklary;
8) Birleşmäniň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň tertibi;
9) Birleşmäniň üýtgedilip guralyşynyň, işini bes edişiniň we ýatyrylyşynyň tertibi;
10) Türkmenistanyň kanunçylygyna çapraz gelmeýän beýleki düzgünler.
3. Tertipnama Birleşmäniň Konferensiýasy tarapyndan tassyklanylýar we oňa ähli esaslandyryjylar tarapyndan gol çekilýär.
9-njy madda. Birleşmäniň üýtgedilip guralmagy, işiniň bes edilmegi we ýatyrylmagy
Birleşmäniň üýtgedilip guralmagy, işiniň bes edilmegi we ýatyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna we Birleşmäniň Tertipnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.
4-nji bap. BIRLEŞMÄNIŇ EÝEÇILIGI WE EMLÄGINIŇ
DOLANDYRYLYŞY
10-njy madda. Birleşmäniň eýeçiligi we eýeçilik hukugynyň subýektleri
1. Birleşme tertipnamalaýyn maksatlaryny we wezipelerini amala aşyrmak üçin zerur bolan aýrybaşgalanan emläge eýelik edýär.
2. Birleşmäniň her bir aýry agzasynyň Birleşmä degişli emlägiň paýyna eýeçilik hukugy ýokdur.
11-nji madda. Birleşmäniň işiniň maliýeleşdirilmegi
Giriş we agzalyk gatançlary, telekeçilik işinden alýan girdejileri, Birleşmäniň kärhanalarynyň, guramalarynyň we edaralarynyň bölüp berýän serişdeleri, ýuridik we fiziki şahslaryň meýletin gatançlary hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik başga serişdeler Birleşmäniň işini maliýeleşdirmegiň çeşmeleri bolup durýarlar.
5-nji bap. BIRLEŞMÄNIŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY
12-nji madda. Birleşmäniň hukuklary
1. Birleşme öz Tertipnamasyna laýyklykda maksatlaryny, wezipelerini we işlerini amala aşyrmak üçin zerur bolan hukuklara eýelik edýär.
2. Birleşmäniň şu aşakdakylara hukugy bardyr:
1) öz hukuklaryna wekilçilik etmäge we olary goramaga, Birleşmäniň agzalarynyň adyndan hereket etmäge we olaryň döwlet häkimiýet edaralary, Türkmenistanyň we onuň çäginden daşardaky beýleki ýuridik şahslar bilen gatnaşyklarynda olaryň kanuny bähbitlerine ynanç hatsyz wekilçilik etmäge;
2) jemgyýetçilik we döwlet durmuşynyň meseleleri boýunça başlangyç bilen çykyş etmäge, ol meseleler boýunça döwlet edaralaryna teklipleri girizmäge;
3) saýlaw çärelerine gatnaşmaga we saýlawly wezipelere dalaşgärleri hödürlemäge;
4) Tertipnamada göz öňünde tutulan telekeçilik, şol sanda maýa goýum işini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrmaga;
5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Birleşmäniň emlägine eýelik etmäge, ondan peýdalanmaga, oňa ygtyýarlyk etmäge;
6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şu aşakdakylary döretmäge:
a) Birleşmäniň Türkmenistanda we daşary ýurtlarda şahamçalaryny we wekilhanalaryny;
b) kärhanalary, guramalary we edaralary, şol sanda karz edaralaryny, ýokary we orta hünärmençilik, şeýle hem işgärleriň hünärlerini kämilleşdiriş we olary gaýtadan taýýarlaýyş bilim edaralaryny;
7) köpçülikleýin habar beriş serişdelerini esaslandyrmaga, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde neşirýat we mahabat işini amala aşyrmaga;
8) başga ýuridik şahslaryň esaslyk maýasyna, şeýle hem Birleşmäniň agzalary bilen bilelikde paýly gurluşyga gatnaşmaga;
9) öz işiniň amala aşyrylmagynyň usullaryny, Birleşmäniň düzümini kesgitlemäge, onuň wezipe sanawyny, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Birleşmäniň işgärleriniň zähmet we höweslendiriş tölegleriniň görnüşini, ulgamyny we möçberlerini tassyklamaga.
13-nji madda. Birleşmäniň borçlary
Birleşme Türkmenistanyň kanunçylygyny, şol sanda jemgyýetçilik birleşikleri hakynda, ygtyýarlylandyrylýan işleriň görnüşlerini amala aşyran mahalynda ygtyýarlylandyrmak hakynda kanunçylygy, halkara hukugynyň olaryň işiniň çygryna degişli umumy ykrar edilen ýörelgelerini we kadalaryny, şeýle hem Birleşmäniň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan kadalary berjaý etmäge borçludyr.
6-njy bap. BIRLEŞMÄNIŇ TELEKEÇILIK IŞI WE
OŇA SALGYT SALYNMAGY
14-nji madda. Birleşmäniň telekeçilik işi
1. Birleşme girdejileri Birleşmäniň agzalarynyň arasynda gaýtadan paýlanyp bilinmejek we diňe Tertipnamada göz öňünde tutulýan maksatlara ýetmek üçin peýdalanylýan, Tertipnamada göz öňünde tutulan telekeçilik işini amala aşyryp biler.
2. Birleşmäniň telekeçilik işi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
15-nji madda. Birleşmä salgyt salynmagy
Birleşmä we onuň agzalaryna salgyt salmak Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
16-njy madda. Birleşmäniň telekeçilik işiniň ygtyýarlylandyrylmagy
Birleşmäniň telekeçilik işiniň ygtyýarlylandyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
17-nji madda. Birleşmäniň telekeçilik işiniň döwlet tarapyndan goldanylmagy
Birleşmäniň we onuň agzalarynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz işiniň döwlet tarapyndan goldanylmagyna hukugy bardyr.
7-nji bap. BIRLEŞMÄNIŇ DOLANDYRYŞ WE
GÖZEGÇILIK EDARALARY
18-nji madda. Birleşmäniň ýolbaşçy edaralary
1. Şular Birleşmäniň ýolbaşçy edaralary bolup durýarlar:
1) Birleşmäniň Konferensiýasy;
2) Birleşmäniň Müdiriýeti;
3) Birleşmäniň Başlygy.
2. Azyndan ýylda bir gezek çagyrylýan Konferensiýa Birleşmäniň ýokary ýolbaşçylyk edarasy bolup durýar.
Nobatdan daşary Konferensiýa Birleşmäniň agzalarynyň azyndan üçden biriniň talap etmegi boýunça çagyrylyp bilner.
3. Birleşmäniň ýolbaşçylyk ediji edaralarynyň ygtyýarlylygy we dörediliş tertibi, şeýle hem olaryň ygtyýarlylyk möhletleri Birleşmäniň Tertipnamasy bilen bellenilýär.
19-njy madda. Birleşmäniň derňew topary
Birleşmäniň Konferensiýasy Birleşmäniň maliýe-hojalyk işiniň derňelmegi üçin Birleşmäniň Müdiriýetiniň düzümine girmeýän adamlaryň hataryndan derňew toparyny saýlaýar.
Derňew toparynyň agzalarynyň sany Birleşmäniň Konferensiýasy tarapyndan kesgitlenilýär.
8-nji bap. BIRLEŞMEDE HASABA ALYŞ WE
HASABATLYLYK
20-nji madda. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we hasabatlylyk
Birleşme buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmegi, maliýe we statistik hasabatlylygy düzmegi we bermegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda üpjün edýär.
21-nji madda. Birleşme tarapyndan resminamalaryň hasaba alnyşy we saklanylyşy
Birleşme resminamalaryň pugta hasaba alynmagyny we saklanylmagyny Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda üpjün etmäge borçludyr.
9-njy bap. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
22-nji madda. Jedelleriň çözülişi
Birleşmäniň işiniň barşynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
23-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
24-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2011-nji ýylyň 21-nji maýy.
№ 198-IV.