Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Müdirýetiniň 2010-njy ýylyň 13-nji iýunyndaky karary esasynda “Birleşme-Gurluşyk” jemgyýetçilik guramasynyň kärhanasy döredilip, hereket edýän kanunçylygy laýyklykda onuň Tertipnamasy tassyklanyldy.

Kärhananyň esasy wezipesi buýrujy, hem-de buýrujynyň wekili höküminde çykyş etmek bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Berkarar döwletiniň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilýän Kararlaryna laýyklykda, ýurdumyzda gurulýan ähli ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş maksatly binalaryň gurluşygynyň hiline, kesgitlenen möhletde tamamlanyp ulanylyşa tabşyrylmagyna gözegçilik etmekden we çenlik resminamalary esasynda tölegleri amala aşyrmakdan ybaratdyr.

Kärhananyň döredilen gününden bäri tamamlanan ýaşaýyş jaýlary we söwda dynç alyş merkezleri:

 • Aşgabat şäheriniň Köşi ýaşaýyş toplumynyň günbatarynda gurulan 60 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň buýrujysy hökmünde

• Çoganly ýaşaýyş toplumynda 332 sany 2 gatly 1 öýli kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlaryny

• Aşgabat şäheriniň Oguzhan köçesiniň ugrunda 132-nji salgysyndaky 12 gatly 66 öýli ýaşaýyş jaýyny

• Garaşsyzlyk we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň hem-de Oguzhan we 1971-nji (G.Ezizow) köçeleriniň çatrygynda 10 sany 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň

• Seýdi we Mollanepes köçeleriniň ugrunda köp sanly kottej görnüşli we köp gatly ýaşaýyş jaýlary hem-de söwda merkezleri

• S.Türkmenbaşy şaýolynyň ugrunda köp gatly işewürlik merkezinden, toý mekanyndan we söwda merkezinden ybarat bolan binalar toplumyny

• A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda köp gatly işewürlik merkezinden, toý mekanyndan we köp gatly awtoduralgasyndan ybarat bolan toplumy

• “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda kottej görnüşli ýaşaýyş dynç-alyş toplumyny

• “Täjir” otelini

• “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezi

• “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” bazarly söwda merkezini

• “Bereketli” bazarly söwda merkezini

• Senagat zolagynda we önümçilik bazasynda we Aşgabat şäheriniň 2721-nji (G.Kuliýew) köçesiniň ugrunda gurulýan söwda maksatly binalar toplumynyň inžener ulgamlarynyň gurluşyk-gurnama işleri

• Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde Türkmenistanyň telekeçileri tarapyndan öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän harytlar saklanylýan merkezini

• Oguzhan we Ankara köçesiniň çatrygynda we Balkanabat, Daşoguz, Türkmenabat we Mary şäherlerinde binalar toplumy

• Moldowa respublikasynda 160 orunlyk çagalar bagy

• Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda 190 orunlyk mekdebiniň gurluşygynyň hiline tehniki gözegçiligi amala aşyrmak bilen potratçy kärhanalaryň öňünde töleýji höküminde çykyş etdi.