Telekeçileriň ýarym ýyllyk işiniň jemi jemlendi.

5-nji iýulda hökümetiň milli ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň işiniň şu ýylyň 6 aýynyň jemine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde ýerli telekeçiligi ösdürmek barada maglumat aýdyldy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça hasabat döwründe senagat önümleri 25 göterim artyk öndürilendigi bellenildi. Şu görkeziji oba hojalyk we azyk önümleri boýunça 65.2 göterim artdy. Söwda dolanyşygynyň göwrümi 1.3 göterim artdy. Hyzmat pudagynda ösüş 1.5 göterime deň boldy.