Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisiniň üstünlikli geçirilmegine ýardam edýär.

11-nji sentýabrda Lebap welaýatynyň edara merkezinde “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine badalga berildi. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçirilýän deňi-taýy bolmadyk awtomarafon Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, onuň baştutanlyk etmeginde we hut özüniň gatnaşmagynda geçirilýär.

Ýaryşa 20-den gowrak ýurdyň wekilleri gatnaşýar. Jemi 83 ýaryşyjy gatnaşýar. Amul-Hazar ýolunyň uzynlygy – 1571 kilometr. Pellehana “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagyna meýilleşdirilýär.

Ýaryşlaryň arassa sport düzüminden başgada, “Amul-Hazar 2018” taslamasy wajyp köpçülige mälim ediji wezipä eýedir, ol biziň ýurdymyzyň deňsiz-taýsyz taryhy-medeni mirasyny we onuň häzirki zamanda ýeten sepgitlerini dünýä mälim etmek üçin ajaýyp mümkinçiligi döredýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem hemaýatkärlik kömegini bermek, öz meýletinçilerini sapara ýollamak we çapyşyga gatnaşyjylary iýmit bilen üpjün etmek arkaly awtoralli ýaryşyny gurnamaga we ony ýokary derejede geçirmäge özüniň saldamly goşandyny goşýar.