Şähryslamyň açylyşy: ýardamsöýerligiň iň gowy adatlarynda.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow:

 

 

- Şähryslamda alnyp barlan arheologik barlaglar ýazyrlaryň diňe bir çarwa halklaryň medeniýetiniň däl, eýsem, şäher medeniýetiniň ösüşinde hem saldamly goşanilarynyň bolandygyny ykrar edýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän milli taryhy we medeniýeti çuňlaşdyryp öwrenmek we ýaýbaňlaşdyrmak ugrunyň akymynda Täk-Ýazyr orta asyr obasy hökmünde hem tanalýan, Şähryslam gadymy şäher harabaçylygynda-galasynda arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň guramaçysy bolup çykyş etdi. Horezm-Horasan söwda ugrunyň boýunda dikeldilen, öz wagtynda iň ähmiýetlileriň biri bolan bu galanyň harabaçylygy biziň günlerimizde çölüň arasynda, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň edara merkezinden 20 kilometr demirgazykda ýerleşýär.

Bu deňi-taýy bolmadyk taryhy-binagärçilik ýadyrgärligi uzak geçmişde üstaşyr söwdanyň merkezi bolup, Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ýollarynyň ugurlarynyň ulgamyna giripdir. Bu hakykat ХХ asyrda bu ýerde geçirilen ylmy-arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň barşynda tassyklanyldy. Ylmy barlaglaryň netijeleri boýunça, Şähryslamyň döreýişiniň we ösüşiniň esasy tapgyrlarynyň taryhy hronologizasiýasy geçirildi. Şäheriň emele gelme döwrüniň IX asyra laýyk gelýändigi subut edildi, ol XIV asyra - XV asyryň başlaryna çenli saklanypdyr, depginli gülläp ösme döwri XII-XIII düşýär.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň irginsiz tagallalary we hemmetaraplaýyn goldawy bilen 2017-nji ýylda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hemaýatkärlik goldawy astynda Şähryslam taryhy-medeni ýadygärliginde täze giň gerimli arheologiki gözleglere badalga berildi, bu işler ýadygärlik barada ylmy maglumatlary has hem giňeltmäge we giňişleýin suratlandyrmaga mümkinçlik berdi. Mundan başgada, gazuw işleriniň güýzki we ýazky möwsümleriniň dowamynda ýüze çykarylan artefaktlar, Türkmenistanyň çäkleri boýunça geçen Beýik Ýüpek ýolunyň orta asyr kerwen ugurlarynyň boýunda ýerleşen iri urbanizirlenen merkezleriň maddy medeniýetini, senetçiligini we däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny mundan beýläk ylmy esasda öwrenmek üçin maglumat çeşmesi, şeýle-de olaryň ýanaşyk we has daşlaşan ýurtlar we sebitler bilen işjeň söwda-ykdysady gatnaşygynyň subutnamasy bolup durýar.

Şeýlelikde gadymy şäher harabaçylygynda gözleg işleri diňe bir adat bolan orta asyr binagärçiliginiň aýratynlyklaryny öwrenmäge mümkinçilik bermän, eýsem türkmenleriň ýaşaýşy, durmuş we ruhy medeniýetiň derejesi, özboluşly senetçiliginiň ösüşi barada gürrüň berýän arheologiki nusgalaryň ýygyndysynyň üstüni saldamly ýetirýärler.

Bu ýerde ýüze çykarylan deňi-taýy bolmadyk binagärçilik desgalaryny we taryhy eksponatlary belläp geçmek ýeterlikdir. Gadymy şäher harabaçylygynyň demirgazyk-günbatar böleginde tapylan gadymy kerwensaraýyň harabaçylygy,  gadymy öwsern we arab ýazuwynyň elementleri bilen bezelen izrazes kerpijiniň nusgalary, kerwen-saraýyň baş girelgesiniň bir wagtky haşam bezegi barada şaýatlyk edýär.

 Mundan başgada onuň otaglary ýyladyş ulgamy, şeýle-de aýratyn sanuzeller bilen enjamlaşdyrylypdyr. Kerwen-saraýyň binasyny ýaşaýyş gurluşlary we dürli suwaryş ulgamlary, şol sanda suw getirijiler we guýylar gurşap alypdyr. “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti şeýle diýip belleýär: “XI-XII asyrlarda zähmetsöýer şäher ýaşaýjylary 20 kilometrden gowrak uzynlykda bişirilen kerpiçden suw geçirijisini çekipdirler. Suw getiriji öz döwri üçin deňi-taýy bolmadyk gurluş bolupdyr”.

Şähryslamda geçirilen soňky arheologiki we etnografiki derňew işlerini netijesinde suw geçirijiniň esasy ugryny ýüze çykarmak, şeýle-de onuň şäheriň çägine girýän ýerinde bir bölegini tapmak başartdy. Mundan başgada şäheri suw bilen üpjün edýän ýene-de bir suw geçirijiniň bolandygy anyklanyldy. Şeýle-hem kerwensaraýyň binasynyň demirgazyk-günbatar burçyndan 20 metr aralykda ýerasty sardoba we onuň ýanynda ýerleşen suwy saklamak üçin çelek tapyldy.

Şeýle-de Şähryslamda küýzegärlik, aýna önümçiligi, metal işleme, dokma kespi, zergärçilik sungaty we ş.m. has ýokary derejä ýetendigini nygtamak bolar. arheologlaryň aýtmagyna görä, ussahanalaryň biriniň polynyň aşagynda tapylan, garamtyl goňur mata bölegine dolanan egrilen ýüplügiň ýumagy örän ähmiýetli tapyndy boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň binýadynda geçirilen ýüze çykarylan eksponatlaryň bir böleginiň barlaghana derňewiniň netijeleri tapylan ýüplügiň häzirki zaman ýüpek süýüminiň nusgasyna 95% laýyk gelýändigini görkezdi. Bu ähmiýetli eksponat öwrenilýän eýýamda dokma önümçiliginiň ösüş derejesi barada goşmaça maglumat almaga ýardam berýär.

Wajyp arheologiki tapyndylar toplumy we gazuw işleriniň barşynda ýüze çykarylan orta asyr binagärçilik desgalary indiki netijä gelmäge esas bolup durýar: Şähryslam Beýik Ýüpek ýolunyň iň esasy söwda-ykdysady ugurlaryň birinde ýerleşen iň iri we ähmiýetli merkezleriň biri bolupdyr, we sebitde ýaşaýan ilatyň durmuş abadançylygyny üpjün etmekde esasy wezipäni ýerine ýetiripdir. Gürrüňsiz, Şähryslamyň täze tapyndylary we açyşlary biziň köklerimiziň gadymylygyna, ylymyň ösen we medeni däp-dessurlaryň baý derejesine şaýatlyk edýän,  türkmen halkynyň meşhur we gahrymançylykly taryhynyň sahypalaryny şöhlelendirýärler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi maliýeleşdirmäni, gurallary satyn almaklygy, ulagy we işçi güýjini, ýörite tehnikany, ýaşaýyş şertlerini we ş.m. üpjün etmekligi hasaba almak bilen Şähryslam gadymy şäher harabaçylygynda arheologiýa gözleg işleri boýunça taslamanyň maddy bölegini öz üstüne aldy, bu bolsa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutyna işleriň şeýle göwrümini geçirmäge mümkinçilik berdi.

Birleşmäniň ýolbaşçylarynyň milli mirasy çuňňur öwrenmäge we giňden ýaýbaňlandyrmaga gönükdirilen, maksada laýyk we oýlanyşykly ýörelgesidir. Mälim bolşy ýaly, arheologiýa diňe bir ýurtlary öwrenmäge ýardam bermän, eýsem köp ýagdaýda taryhy gaýtadan açýar, döwletiň taryhynyň ýazgysyna täze sahypalary goşýar.