Hususy syýahatçylyk işewürleri halkara pudaklaýyn foruma gatnaşdylar.

9-10-njy oktýabrda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we jahankeşdelik” atly Halkara syýahatçylyk sergisi we 26 ýurdyň wekillerini özünde jemlän, bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça maslahat geçirildi.

Serginiň çäginde özüniň syn tagtalary bilen halkara syhaýatçylyk agentlikler, myhmanhana işewürliginde we gaýry ýanaşyk ugurlarda hususylaşýan guramalar we kärhanalar, Türkmensitanyň syýahatçylyk barada Döwlet komitetiniň pudak edaralary we Awazanyň myhmanhanalary tanyşdyrdylar.

Ýöriteleşdirilen synyň eksponentleriniň düzüminde taryhy we medeni ýadygärliklere, deňi-taýy bolmadyk tebigy gözelliklere baý bolan, birnäçe şypahana merkezlerini özünde jemleýän, ösen sport we ulag senagaty bolan ýurdumyz boýunça gyzykly, ekologiki, etnografiki, sport, sagaldyş we gaýry turlary hödürlän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary – hususy syýahatçylyk işewürler hem bardy.

Maslahat üç sany bölümden ybarat bolan mejlisler görnüşinde geçirildi: “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregidir” diýen şygarly ýylda taryhy-medeni mirasyň orny, “Syýahatçylykda bilimiň we innowasiýalaryň orny”, “Türkmenistanda ekologiýa syýahatçylygynyň esasy ugurlary”.

Forumyň çäginde syýahatçylyk ulgamynyň häzirki döwre mahsus ugurlary bilen bir hatarda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynyň dikeldiş mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, şeýle-de Türkmenistanda halkara syýahatçylygyň häzirki zaman görnüşlerini ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususy syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanyň syýahatçylyk boýunça Döwlet komiteti we ýurdyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnalan bu halkara forumyň çäginde işewürlik hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we özüniň syýahatçylyk hyzmatlaryny öňe sürmek üçin peýdalandylar.