Türkmen işewürler bileleşiginiň wekilleri “EIMA International – 2018” halkara sergisine gatnaşýarlar.

Noýabr aýynyň 7-si, 11-i aralygynda Italiýanyň Bolonýa şäherinde oba hojalyk we bagçylyk üçin tehnikanyň Halkara sergisi geçirilýär (EIMA International - 2018). Foruma gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri – müdiriýetiň agzasy we oba hojalyk we AST bölüminiň ýolbaşçysy çagyryldy.

Adatça sergide enjamyň öndürijiligini we howpsyzlygyny ýokarlandyrmaga, oba hojalyk önüminiň ekologiýa taýdan howpsyzlygyna gönükdirilen oba hojalyk we bagçylyk üçin innowasion tehniki işläp taýýarlamalaryň uly mukdary hödürlenilýär.

Synyň esasy maksady: oba hojalyk önümleri we enjamlar, oba hojalyk tehnikasy, oba hojalyk tehnologiýalary (ösümlik, maldarçylyk), traktor we oba hojalyk maşyngurluşyk önümleri, mini tehnika, mineral dökünler we himikatlar, azyk we ýeňil senagat üçin oba hojalyk çig malyny gaýtadan işlemäge niýetlenilen enjamlar, agrar işewürligi üçin gelejegi bolan taglymlar, oba hojalyk çig malyny taslamak, ony daşamak we saklamak, oba hojalygy üçin işgärleri taýýarlamak, AST pudaklarynda gurluşyk, konsalting hyzmatlary, ylym, KHS, pudaklaýyn çäreler. Serginiň çäklerinde şeýle-de maslahatlar we okuw-seminarlary geçirilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekiliýeti işewür gatnaşyklary sazlamak, mümkin bolan hyzmatdaşlary türkmen öndürijileriniň işi bilen tanyşdyrmak we olaryň ünsini TSTB-niň maýa goýum taslamalaryna çekmek üçin pudaklaýyn synyň mümkinçiliklerinden peýdalanarlar.

EIMA International ýewropanyň iň iri oba hojalyk sergileriniň biri bolmak bilen,  Bologna Fiere sergi merkezinde iki ýyldan bir gezek geçirilýär. Häzirki synyň sergi meýdançasy 140 000 inedördül metrden ybarat boldy. Oňa iki müň sany eksponent gatnaşýar.