Kaka etrabynda täze ýyladyşhana hojalygy açyldy.

9-njy fewralda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň “Şükür Bagşy” daýhan birleşiginde häzirki zaman ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi.

“Ýigit” HJ-niň tabşyrygy boýunça “Eziz Doganlar” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan ýyladyşhananyň umumy meýdany 10 gektar ýeri eýeleýär we ýylda 2500 tonna gök önümini öndürmäge niýetlendir.

Häzirkizaman ýewropa enjamlary ähli önümçilik işlerini awtomatlaşdyrmaga we kompýuterleşdirmäge we pomidoryň ýokary hasylly görnüşini ösdürip ýetişdirmekde golland tehnologiýasyny ulanmaga mümkinçilik berdi.

Pomidorlary diňe ýurduň içki bazarlaryna däl, eýsem Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa döwletlerine hem eksport etmek meýilleşdirilýär. Täze ýyladyşhana toplumynyň açylmagy bilen 116 iş oruny döredildi.

Şol günde, täze desganyň ýanynda ýene-de bir 20 gektarlyk ýyladyşhananyň dabaraly ýagdaýda düýbi tutuldy. Onuň gurulmagy gök önümleriň görnüşleriniň we hojalygyň eksport mümkinçiliginiň ýokary derejä galmagyna ýardam eder.

“Ýigit” HJ-ne jemi bir müň gektar ýer degişli bolup durýar. Möwsümleýin işler açyk meýdanlarynda alnyp barylýar, ol ýerde telekeçiler arpa ösdürip ýetişdirýärler.