Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekiliýeti türkmen-german işewürlik forumyna gatnaşar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary 12-13 fewralda Berlinde (Germaniýa) geçiriljek işewürlik forumyna taýýarlanýarlar.

Duşuşygyň esasy maksady – Türkmenistan bilen GFR arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, işewür hyzmatdaşlyklaryň we ylmy-tehniki kärdeşligiň has amatly ugurlaryny ylalaşmak bolup durýar.

Forumyň çäklerinde türkmen telekeçileri Germaniýadan azyk önümlerini we  güýçli depginde ösýän oba hojalyk işewürligi üçin niýetlenen tohumlary öndürmekde zerur bolan ýokary tehnologiki enjamlaryň getirilmegi boýunça gürrüňdeşligi geçirmegi we ylalaşyga gol çekmegi meýilleşdirýärler.