«Ýylyň zenany – 2018» bäsleşigiň ýeňijisini gutlaýarys.

    8-nji mart Halkara zenanlar günüň bosagasynda adaty bolşy ýaly «Ýylyň zenany-2018» abraýly adyň eýeleri yglan edildi. «Telekeçilige goşan goşandy üçin» ugurda Balkan welaýatyndan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Jennet Annagulyýewa ýeňiji boldy.

   Jennet Annagulyýewa «Mukam» toý salonyň ýolbaşçysy bolup, hyzmatlar pudagynda zähmet çekýär. Bu ýerde, toý dabaralaryny gurnamak häzirki zaman ýörelgeleri bilen bir hatarda milli däp-dessurlar saklanylýar we wagyz edilýär.

   Ýurdumyzda däp bolup gelýän «Ýylyň zenany» bäsleşigiň Türkmenistanyň Zenanlar Guramasy tarapyndan geçirilmegi maşgala baradaky alada bilen zähmet we jemgyýetçilik işini üstünlikli utgaşdyrýan ajaýyp zenanlaryň durmuş statusynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

    7 ugurlaryň biri bolan «Telekeçilige goşan goşandy üçin» ugur zenanlaryň milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz sektorynyň ösüşine goşan goşandyny belleýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň zenan wekilleri öz guramaçylyk, telekeçilik ukyplaryny we dürli zehinlerini görkezip bu bäsleşige işjeň gatnaşýarlar.