Hususy telekeçiligiň kärhanalarynyň önümleri Özbegistanda görkeziler.

Aprel aýynyň soňky on günlüginde Özbegistan Respublikasynda türkmen haryt öndürijileriň sergisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şu çäräni gurnamak baradaky başlangyç Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. 29-njy martda bolup geçen hökümet agzalarynyň mejlisinde, döwlet baştutany, Aşgabatda geçirilýän özbek senagat sergisiniň iki taraplaýyn gatnaşyklary berkitmek we ösdürmek üçin ähmiýetini belläp, goňşy ýurtda türkmen harytlaryň şeýle gözden geçirilşini gurnamagyň maksadalaýykdygyny belledi.

Häzirki wagtda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda ýöriteleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 30-a golaý agzalary geljekki sergide gatnaşmak barada öz isleglerini bildirdiler. Ýerli telekeçiler dürli önümleri, şol sanda azyk harytlaryň, gurluşyk materiallaryň, halylar we tekstil önümleriň, öý-hojalyk harytlar topary, şeýle hem amaly-haşam sungatyň eserleriniň giň görnüşlerini görkezmek isleýärler.

Özbegistanda türkmen haryt öndürijileriň sergisini gurnamaklyk, ýerli önümleriň daşarky bazarlara çykarmak ugrundaky halkara özara gatnaşyklaryň mehanizmlaryny we formalaryny kämilleşdirmäge, işewürligi işjeňleşdirmek üçin şertleri döretmäge we hususy başlangyjy höweslendirmäge, türkmen harytlaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, 29-31-nji martda Aşgabatda Özbegistan Respublikasynyň Milli senagat sergisi üstünlikli geçirildi, onda goňşy döwletiň onlarça kompaniýalary öz mümkinçiliklerini görkezdi.