«Made in Turkmenistan» jinsileri daşary ýurt brendlerine üstünlikli bäsdeşlik edýärler.

Türkmen telekeçileri ýerli dokma pudagynyň kärhanalaryna söwda taýdan goldaw berýärler. Türkmen jinsileriniň Polşada we Ukrainada ýerlenmegi, bu ugurdaky üstünlikli hyzmatdaşlygyň mysaly bolup durýar. Harydyň öňe gidişligine “Ak ýaprak” HJ-niň esaslandyryjylaryň biriniň işi ýardam berýär.

Ýewropanyň lekallary boýunça ýokary hilli türkmen dokma önümlerinden, ýurdumyzyň dokma toplumlarynda enjamlaşdyrylan häzirki zaman enjamlarda, dünýä brendleri bilen üstünlikli bäsdeşlik edýän stilli türkmen jinsileri taýýarlanylýar. “Ak ýaprak” HJ-niň söwda dellalçylygynda olaryň mundan beýläk daşary ýurt bazarynda öňe gitmegi üçin ähli mümkinçilikler bar. Häzirki wagtda jinsileri birnäçe ýewropa ýurtlaryna çykarmak barada gepleşikler alynyp barylýar. Emma iň gyzykly ýeri, bu haryda “jinsiniň watany” bolan Amerikanyň Birleşen Ştatalarynda gyzyklanma bildirilmegidir.