Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Änew şäherinde ýaşaýyş toplumyny gurdylar.

10-njy maýda Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezinde hersi 32 maşgala niýetlenen 4 gatly bäş sany jaýlary işe girizilmegi sebäpli dabara bolup geçdi.

Taslamany kömekçi potratçy hökmünde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary – «Beýik bina» we «Çynar gurluşyk» hususy kärhanalary ýerine ýetirdiler.

Ýaşaýyş toplumynyň binagärçiligini amatly ýerleşmegi tapawutlandyrýar. Täze jaýa göçýänler üçin rahat şertler döredilen. Täze jaýlara ýanaşyk çäkler abadanlaşdyrylan, göz zolak döredilen.

Ilatyň ýaşaýyş, durmuş-öý şertleri welaýatlaryň ösüşiniň milli maksatnamalarynyň ileri tutulýan wezipesi bolup durýar. Onuň amala aşyrylmagyna paýtagtda, şeýle hem ýurduň ähli welaýatlarynda gurluşyk işlerini alyp barýan TSTB-niň agzalary öz agramly goşantlaryny goşýarlar.