«Rysgal» PTB – Türkmenistanda 2017-nji ýylyň iň işjeň banky.

8-10-njy maýda Iordaniýada geçirlen ýer ýylky Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (ÝTÖB) dolandyryjylaryň Geňeşiniň mejlisinde, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky 2017-nji ýylyň jemlerine laýyklykda «Rysgal» Paýdarlar Täjirçilik banky «Türkmenistanyň iň işjeň banky» diýip ykrar edilmegi barada karar etdi.

Degişli şahadatnama «Rysgal» Paýdarlar täjirçilik bankynyň ýolbaşçysyna gowşuryldy, ÝTÖB dolandyryjylarynyň Geňeşiniň çäklerinde geçen we sebit baştutanlaryny we ÝTÖB döwlet-agzalary bolan iri işewürligiň wekillerini jemlän işewür-forumyň işine «Rysgal» bankyň wekilleri hem gatnaşdy.

Işewür-forumyň çäklerinde gurnalan duşuşygyň dowamynda, Türkmenistanyň çäginde maýa goýum goýmak we önümçilikleri açmak mümkinçiliklere, şeýle hem salgyt salmak we ýerli haryt öndürijilere berilýän ýeňilliklere gyzyklanma bildirildi.

«Rysgal» Paýdarlar täjirçilik bankynyň üstünlikleri halkara derejede ykrar edilmegi ilkinji gezek däldir. 2015-nji ýylda hem ol «Türkmenistanyň iň işjeň banky» diýip ykrar edildi.

2011-nji ýylda hususy telekeçiler tarapyndan esaslandyrylan «Rysgal» PTB ýurduň iň çalt ösýän banklaryň biri bolup durýar we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hususy pudagynyň ösüşine agramly goşant goşýar.