Sergi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 11 ýyllygy mynasybetli ýöriteleşdirilen serginiň geçirilýändigini yglan edýär.

Ýerli telekeçiligiň gazanan sepgitleriniň sergisi 2019-njy ýylyň 17-18-nji martynda Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň sergiler merkezinde şu salgy boýunça geçiriler: Aşgabat ş., Çandybil şaýoly 143.

Sergä gatnaşmak bilen bagly soraglar boýunça TSTB-niň söwda bölümine ýüz tutup bilersiňiz. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 21-23-75/76