13 tapgyr


Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasyna laýyklykda paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 13-nji tapgyry türkmen telekeçileri tarapyndan üstünlikli amal edildi.

  • 01.08.2013
  • 27.10.2015

 Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasyna laýyklykda paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 13-nji tapgyry türkmen telekeçileri tarapyndan üstünlikli amal edildi. Paýtagt şäherimiziň Oguzhan köçesiniň ugrunda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, edara binalaryň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň täze toplumy peýda boldy. Olaryň hatarynda ähli amatlyklary bolan 12 gatly ýaşaýyş jaýlary, her biri 600 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdepleriň ikisi hem-de her biri 160 orunlyk çagalar baglarynyň ikisi bar. Şeýle-de saglyk öýüniň, söwda we hyzmatlar ulgamyna degişli binalaryň, söwda-dynç alyş merkeziniň, 200 orunlyk, üç gatly, birinji gaty dükanly awtoduralgalaryň we gara ýollaryň gurluşyklary dünýä ülňülerine laýyklykda ýerine ýetirildi.