Telekeçilik mekdebi


Karz amallarynda kömek

 Ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki döwründe jemi içerki önümiň ýokary ösüş depginlerini üpjün etmek, önümçiligiň netijeliligini mundan beýläk-de artdyrmak we şoňa esaslanmak arkaly, ilatyň ýaşaýyşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmak maksatlaýyn wezipe bolup durýar. Şoňa görä-de, tutuş dünýädäki ýurtlarda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem ykdysady ösüşiň oňyn dinamikasy boýunça ulanylýan çeşmeleri we ýagdaýlary işjeňleşdirmek hem-de bularyň täze görnüşlerini äşgär etmek bilen bagly zerurlyk ýüze çykýar.

Täze industrial ýurtlarda toplanan tejribe senagatyň gurluşynyň (strukturasynyň) kämilleşdirilmeginiň, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrylmagynyň örän netijeli bolup biljekdigine şaýatlyk edýär.

Kiçi we orta telekeçilik bazar ykdysadyýetiniň ösüşine badalga berýän esasy güýçleriň biri bolup durýar. Telekeçiligiň ösüşi ykdysady ösüşe, bazaryň göwnejaý hilli harytlar hem-de hyzmatlar bilen üpjün edilmegine oňyn täsirini ýetirýär, ýagny şunda wajyp ähmiýetli birgiden ykdysady meseleler çözülýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda telekeçiligiň hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri hem-de edara görnüşindäki taraplary döretmezden işleýän telekeçiler ýaly subýektleriniň sany köpeldi. Beýleki ulgamlar (sektorlar) ýaly, telekeçiligiň-de ykdysadyýetiň belli bir ulgamynyň ösüşine mahsus bolan esasy funksiýalary (wezipeleri) berjaý edýändigine garamazdan, onuň ösüşi işleri amala aşyrmagyň şertleriniň dürli görnüşde üýtgemeginiň täsirini has içgin duýýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň telekeçileriniň kömek bermeginde giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylmagy ýurtda ähli pudaklaryň göwnejaý ösdürilmegine we senagatyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Öňde durýan maksatlara ýetmek üçin, döwlet we Hökümet gönüden-göni goldaw bermek, şol sanda ýeňillikli karz serişdelerini bölüp bermek arkaly, kömek etmek görnüşinde, başa baryp biljek işleri berjaý edýär.

Meselem, döwlete degişli bolmadyk ulgamdaky senagatçylar üçin ýeňillikli karz serişdelerini almak elýeterli edildi. Şonuň ýaly karz 10 ýyllyk maksimal möhlet hem-de karzyň ulanylandygy üçin ýylda 1% barabar möçberde töleg tölemek şerti bilen berilýär.

Karz almak bilen bagly amal iki tapgyrdan ybaratdyr. Ilki bilen, telekeçi ýa-da hususy kärhana arza ýazyp, Birleşmä ýüz tutýar. Şol arzada potensial önüm öndürijiniň haýsy önümçilik bilen meşgul boljakdygy, munuň üçin näçe möçberde maliýe goýumlarynyň zerurdygy baradaky maglumatlar beýan edilýär. Ýeri gelende aýtsak, karz serişdeleri diňe bir täze önümçiligi döretmek üçin däl-de, hereket edýän önümçiligi döwrebaplaşdyrmak ýa-da onuň durkuny täzelemek üçin alnyp bilner.

Senagata degişli meseleler boýunça topar hususy senagat kärhanalarynyň direktorlaryndan we Birleşmäniň Müdiriýetiniň agzalaryndan ybarat bolup, taslama boýunça hödürlenen resminamalara jikme-jik garaýar. Şunda ozalky işler, sarp edijileriň seslenmeleri, kärhananyň ýa-da telekeçiniň dolanyşygy öwrenilýär. Taslamanyň durmuşa degişli ugra, has takygy, täze iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilmegi hökmany ýagdaý diýlip hasaplanýar.

Topar tarapyndan oňlanandan soňra, karzy resmileşdirmegiň ikinji tapgyry başlanýar. Mejlisiň teswirnamasy maliýe gorlaryna eýelik etmäge hukukly tarap hökmünde "Rysgal" Paýdarlar-täjirçilik bankyna iberilýär hem-de bankyň karz boýunça bölümi resmileşdirmegiň standart amalyny berjaý etmäge girişýär. Resminamalaryň zerur bukjasy taýýarlanýar, girewine goýulýan emlägine baha berilýär. Girew bolmadyk halatynda, goýberilýän serişdeleriň yzyna gaýtaryljakdygyna  güwä geçýän ýa-da kepillendirýän tarapyň saýlanyp alynmagyna ygtyýar berilýär. Munuň özi adaty ýagdaýdyr, çünki bazara mahsus şertlerde haýsydyr bir önümçiligiň özüni ödemezliginiň ähtimallygy aradan aýrylmaýar. Karz alnanda, täjirçilik meýilnamasynyň sowatly düzülendigine wajyp ähmiýet berilýär. Aslyýetinde, täjirçilik meýilnamasy geljekki kärhananyň, sehiň, zawodyň, fabrigiň we beýlekileriň 3-D modeli bolup durýar.

Ýeri gelende aýtsak, tejribede karz berilmegi birnäçe şertleriň berjaý edilmegine esaslanýar: karz alyjynyň özünde serişdeleriň azyndan 30 göteriminiň bolmagy şol şertleriň biri hökmünde görkezilýär.

Şeýlelikde, ýeňillikli karz bermek boýunça ulgam eýýäm degerli netijelerini berip ugrady: dürli maksat bilen işlenip çykarylýan harytlaryň assortimenti giňelýär, goşmaça önümçilikler açylýar, şeýle hem telekeçileriň özleriniň we täze önümçiliklerde işleýänleriň hünär ussatlygynyň derejesi ýokarlanýar.


Emläk almak

Jaý almak üçin gerekli resminamalar:

  1. Arza
  2. Pasport asyl nusgasy (we nusgasy)

Dükan, ofis almak üçin gerekli resminamalar: 

  1. Arza 
  2. Patent
  3. Bellige alyş şahadatnama
  4. Agzalyk şahadatnama
  5. Bank rekwizit
  6. Pasport nusgasy

Maslahat işleri


Hukuk kömegi