
<p class="MsoNormal" style="mso-margin-top-alt: auto; mso-margin-bottom-alt: auto; text-align: justify; text-indent: 36.0pt; line-height: normal;"><span style="color: #0d0d0d; font-family: 'Times New Roman', serif; font-size: 16pt; text-indent: 36pt;">Ilatyň gündelik sarp edýän azyk we hojalyk harytlaryny sanly ulgamyň üsti bilen üpjün etmekde işjeňlik görkezýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň biri telekeçi Alym Joraýewdir. Onuň ýolbaşçylygynda ýaňy-ýakynda açylan “Sebet” onlaýn marketi Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylaryna hyzmat edip başlady.</span></p>
<p class="MsoNormal" style="mso-margin-top-alt: auto; mso-margin-bottom-alt: auto; text-align: justify; text-indent: 36.0pt; line-height: normal;"><span lang="EN-US" style="font-size: 16.0pt; font-family: 'Times New Roman',serif; color: #0d0d0d; mso-themecolor: text1; mso-themetint: 242; mso-style-textfill-fill-color: #0D0D0D; mso-style-textfill-fill-themecolor: text1; mso-style-textfill-fill-alpha: 100.0%; mso-style-textfill-fill-colortransforms: 'lumm=95000 lumo=5000'; mso-ansi-language: EN-US; mso-fareast-language: TK;">“Sebet” onlaýn marketi häzirki wagtda iýmit önümlerini, hojalyk harytlaryny amatly bahadan halka hödürleýär. Onlaýn marketiň ykjam goşundysyny telefona, planşete ýa-da kompýutere ýükläp, müşderiler öz sargytlaryny amala aşyryp bilerler. Telekeçi geljekde hem onlaýn marketiň işini has kämilleşdirip, tehniki harytlary, tekstil önümlerini, elektronika serişdelerini, umuman, halkyň isleg bildirýän harytlaryny sanly ulgamyň üsti bilen hödürlemegi, eltip bermek hyzmatyny bolsa welaýatyň ähli çäginde amala aşyrmagy maksat edinýär.</span></p>