Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki döwrebap ýyladyşhana geçen ýylda ýurtda birbada işe girizilen alty ýyladyşhana toplumlarynyň biridir. Bu ýyladyşhana Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Sapardurdy Nazlyýewe degişli bolup, ol gök önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenendir. Bu barada “Altyn asyr” elektron gazeti 30-njy martda habar berýär.

Häzirki wagtda ekerançylyk meýdany dört gektara barabar bolup, täze iş orunlarynyň otuza golaýy döredilen bu ýyladyşhana toplumynda geçen ýylda ýygnalan pomidoryň umumy möçberi 400 tonna ýetip, ýetişdirilen hasyl içerki hem-de daşarky bazarlarda ýerleşdirildi. Tejribeli telekeçi pomidor hasyly ýygnalandan soň, ýyladyşhanany bulgar burçunyň dürli görnüşlerini ekmäge taýýarlady. Şeýlelikde geçen ýylyň awgust aýynda bu ýerde bulgar burçunyň reňkleri, tagamy, möçberi babatda biri-birinden tapawutlanýan görnüşlerini ösdürip ýetişdirmeklik ýola goýuldy.<o:p></o:p>

Ýyladyşhanadaky ekinler suwarylanda suwdan tygşytly peýdalanmagyň hatyrasyna artykmaç suwlar ýörite akarlaryň kömegi bilen bir ýere toplanyp, telekeçiniň ýyladyşhanasynyň golaýyndaky bäş gektara çenli ýaýylyp gidýän bag nahallaryny suwarmakda ulanylýar. Telekeçä degişli bu ekerançylyk meýdanynda badam agajynyň alty müň düýbi boý alýar. Badam agaçlary geljek ýylda ilkinji hasylyny berip başlar.<o:p></o:p>

Ýyladyşhanada ýetişdirilen bulgar burçunyň hasylyny ýygnamak işleri hem şu ýylyň tomus paslyna çenli dowam eder. Möwsümiň ahyryna çenli bolsa ýyladyşhana toplumynda 200 tonnadan gowrak bulgar burçy ýygnalyp, sarp edijilere ýetiriler.