Tämizlik serişdeleriň önümçiligi bilen meşhur bolan “Şatumar” hususy kärhanasy golaýda täze önümiň, suwuk görnüşli egin-eşik ýuwujy hem-de gap-gaç ýuwujy serişdeleriň önümçiligini ýola goýdy. “Era” haryt nyşanly täze egin-eşik ýuwujy serişdeler 5 litrlik gaba gaplanylýar.

Indi on ýyldan gowrak wagt bäri önümçiligi alyp barýan, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň çäginde ýerleşýän “Şatumar” dürli ýuwujy serişdeleriň, aýna üçin arassalaýjy serişdeleriň, şampunyň, suwuk sabynyň, egin-eşik ýuwujy, agardyjy, ýumşadyjy, gap-gaç ýuwujy, otaga ýakymly ys beriji serişdeleriň, çygly süpürgiçleriň, hoşboý ysly müşkleriň, diş arassalaýjy pastalaryň önümçiligi bilen meşgullanýar. Türkiýäniň, Hytaýyň kämil enjamlary bilen üpjün edilen kärhana aýda 2500 tonna golaý arassaçylyk serişdelerini öndürmäge ukyply. <o:p></o:p>

Kompaniýa “Şa”, “Tumar”, “Emir”, “Dana”, “Ýunus” önümleri bilen meşhurlyk gazandy. Bu ýerde öndürilýän ýokary hilli ýuwujy serişdeler ýurdumyzyň söwda nokatlaryna yzygiderli ugradylýar. Bu önümlere Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Russiýanyň işewürleri hem gyzyklanma bildirýärler. Mundan başga-da, “Şatumar” hususy kärhanasynyň önümleriniň eksporty Gyrgyz Respublikasyna, Gazagystana, Özbegistana ýola goýuldy.