Izogam we bitum rezin mastikasyny öndürýän “Gudratly mekan” hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Änew şäherinde ýerleşýär. Izogamyň folgaly we folgasyz görnüşleri bolup, onuň galyňlygy 3-4 millimetrdir. Izogam rulon görnüşinde öndürilip, bir rulonyň ini 1 metre, uzynlygy 10 metre barabardyr.

Önümçilik üçin gerek bolan çig mal Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alynýar. Kärhana Eýranyň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilip, her gün izogamyň 500 sany rulonyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Kärhananyň ýanynda ýörite barlaghana hereket edip, onda önümleriň himiki, fiziki we mehaniki barlaglary amala aşyrylýar. <o:p></o:p>

Bu önümler daşary ýurt bazarlarynda hyrydarly haryt hökmünde ýokary islegden peýdalanýar. “Gudratly mekan” hojalyk jemgyýeti önümleriniň eksportyny goňşy döwletlere ýola goýdy. Kompaniýa geljekde daşary ýurt bazarynda mynasyp orun tutmagy, önümçiligiň görnüşini artdyrmagy we gerimini giňeltmegi göz öňünde tutýar.