
<p class="MsoNormal" style="mso-margin-top-alt: auto; mso-margin-bottom-alt: auto; text-align: justify; line-height: normal;"><span style="color: #0d0d0d; font-family: 'Times New Roman', serif; font-size: 16pt;">Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän “Ýigit” hojalyk jemgyýeti döwlet tarapyndan uzak möhletleýin bölünip berlen 1000 gektar ýeriniň 34 gektar meýdanynda ýyladyşhana toplumyny gurdy. Ýyladyşhana hojalygyna häzirki zamanyň iň kämil enjamlarynyň ornaşdyrylmagy bu ýerde ýetişdirilýän pomidoryň uly islege eýe bolan “Salkym”, “Gülgüne”, “Çerri” diýen üç görnüşinden bol hasyl almaga mümkinçilik berýär. Hasyllylygy artdyrmak maksady bilen, Nederlanlaryň degişli tohumçylyk guramalary bilen yzygiderli tejribe alşylýar.</span></p>
<p class="MsoNormal" style="mso-margin-top-alt: auto; mso-margin-bottom-alt: auto; text-align: justify; line-height: normal;"><span lang="EN-US" style="font-size: 16.0pt; font-family: 'Times New Roman',serif; color: #0d0d0d; mso-themecolor: text1; mso-themetint: 242; mso-style-textfill-fill-color: #0D0D0D; mso-style-textfill-fill-themecolor: text1; mso-style-textfill-fill-alpha: 100.0%; mso-style-textfill-fill-colortransforms: 'lumm=95000 lumo=5000'; mso-ansi-language: EN-US; mso-fareast-language: TK;">“Ýigit” kompaniýasy ýyladyşhana hojalygy boýunça pomidoryň ýyllyk 18 müň tonna hasylyny almagy meýilleşdirip, onuň onlarça müň tonnasyny eksport üçin niýetleýär. Häzirki wagtda bu ýerde ýetişdirilýän pomidoryň aýda müň tonnasy “Mahmal” haryt nyşany bilen Russiýa, Gazagystana eksport edilýär. Hojalyk jemgyýeti önümi daşarky bazara ugratmak çygryny Birleşen Arap Emirlikleri we Ýewropa döwletleriniň köpüsi bilen artdyrmagy maksat edinýär, bu babatda geleşikleri baglaşmak üçin degişli işleri alyp barýar.</span></p>