Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalarynyň dostlukly ýurduň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi. Olaryň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň Koreýanyň eksport-import bankynyň ýolbaşçysy, “Ksure” karzlary ätiýaçlandyryş guramasynyň wise-prezidenti, “BAI Energy” korporasiýasynyň başlygy bilen geçiren gepleşiklerinde ýurdumyzyň gazhimiýa pudagyna maýa goýum serişdelerini çekmek boýunça pikir alşyldy.<o:p></o:p>

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň “Hyundai Engineering”, “Jies” koreý kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Koreýa Respublikasynyň welaýatlarynyň biriniň häkimi bilen geçiren duşuşygynda şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek, “akylly” şäher konsepsiýasynyň wezipelerini çözmek hem-de Türkmenistanda bu ulgamda başy başlanan taslamalara gatnaşmagyň geljegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.