Aşgabat şäherinde 29-njy noýabrda iki ýurduň döwlet we işewür toparlarynyň wekillerini bir ýere jemlän Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysady edarasy bilelikde guradylar.

Şu gezekki duşuşyga gatnaşmak üçin Awstriýanyň maşyngurluşyk, bilim, sanly ulgam we elektron programma üpjünçiligi ulgamlaryna ýöriteleşen döwlet edaralarynyň, kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryndan hem-de wekillerinden ybarat bolan wekiliýet paýtagtymyza geldi. Türkmen tarapyndan foruma birnäçe ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.<o:p></o:p>

Duşuşygyň gün tertibine iki ýurduň bar bolan ägirt uly söwda-ykdysady kuwwaty bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Awstriýanyň pudak edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary, hususan-da, senagat, energetika, oba hojalygy we ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler girizildi. <o:p></o:p>

Duşuşygyň dowamynda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda we maýa goýumlarda, ýokary tehnologiýalar ulgamynda gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, söwda dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, bilelikdäki işler üçin anyk meýilnamalar kesgitlenildi.<o:p></o:p>

Awstriýa tarapyndan duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegi bilen baglylykda, forumyň uly ähmiýetini bellediler hem-de parahatçylyk döredijilikli syýasaty yzygiderli amala aşyrýan Türkmenistana dünýä jemgyýetçiliginiň barha artýan gyzyklanmasyny nygtadylar. Türkmen tarapyndan çykyş edenler daşary ýurtly kärdeşlerini ýurdumyzdaky amatly makroykdysady, özüne çekiji maýa goýum ýagdaýy, telekeçiligi ösdürmegiň möhüm ugurlary bilen tanyşdyryp, döwletimizde amala aşyrylýan we Türkmenistanyň dünýä ykdysady ulgamyna mundan beýläk-de üstünlikli goşulyşmagyna binýat döredýän hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýan özgertmeler barada habar berdiler.<o:p></o:p>

Geçen forumyň çäklerinde Türkmenistanyň we Awstriýanyň ministrlikleriniň, edaralarynyň, hususy kompaniýalarynyň hem-de telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda resminamalara gol çekildi, täze gatnaşyklaryň ýola goýulmagy babatda ylalaşyldy, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.<o:p></o:p>

Süýji-köke öndürýän “Balam” hususy kärhanasy bilen “Akras Flavours GmbH” kompaniýasynyň arasynda, şeýle-de Türkmenistanyň “Halk market” supermarketler toplumy bilen Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň arasynda şertnamalar baglaşyldy.<o:p></o:p>

Şeýle duşuşyklaryň geçirilmegi netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bitewi binýady döretmäge gönükdirilen umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýardam berýär. 30-njy noýabrda Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisiniň dowamynda hyzmatdaşlygyň geljekki wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak işi dowam eder.