
<p class="MsoNormal" style="mso-margin-top-alt: auto; mso-margin-bottom-alt: auto; text-align: justify; line-height: normal;"><span style="color: #0d0d0d; font-family: 'Times New Roman', serif; font-size: 16pt;">Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň çäginde ýerleşýän “Ak kent” hususy kärhanasy plastmassadan suw we suwuk zatlary saklamak üçin niýetlenen gaplaryň, mallar üçin iýmlik nowalaryň önümçiligi bilen meşgullanýar. Türkiýäniň iň häzirki zaman enjamlary getirilip, ornaşdyrylan kärhanada häzirki wagtda ýigrimä golaý işçi-hünärmeniň zähmet çekmegi netijesinde, 100 litrden 25 müň litre çenli göwrümdäki uly suw gaplary öndürilýär.</span></p>
<p class="MsoNormal" style="mso-margin-top-alt: auto; mso-margin-bottom-alt: auto; text-align: justify; line-height: normal;"><span lang="EN-US" style="font-size: 16.0pt; font-family: 'Times New Roman',serif; color: #0d0d0d; mso-themecolor: text1; mso-themetint: 242; mso-style-textfill-fill-color: #0D0D0D; mso-style-textfill-fill-themecolor: text1; mso-style-textfill-fill-alpha: 100.0%; mso-style-textfill-fill-colortransforms: 'lumm=95000 lumo=5000'; mso-ansi-language: EN-US; mso-fareast-language: TK;">Polietilenden öndürilen gaplar suwuň düzümini we hilini üýtgetmän saklamaga ukyplydygy, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Şeýle bolansoň, bu önümlere müşderiler uly isleg bildirýärler. Kärhanada buýurmalar esasynda hem önüm öndürilýär. Bulardan başga-da, kärhanada polietilenden çagalar üçin suw howuzlary hem öndürilýär.<o:p></o:p></span></p>