
<p class="MsoNormal" style="mso-margin-top-alt: auto; mso-margin-bottom-alt: auto; text-align: justify; line-height: normal;"><span style="color: #0d0d0d; font-family: 'Times New Roman', serif; font-size: 16pt;">Ene-mamalarymyzdan miras galan millilik ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz, edim-gylymlarymyz döwrebap ruhda täzeden dikeldilýär. Asyrlaryň ruhuna millilik garylyp sünnälenen egin-eşiklerimiz häzirki döwürde döwrebap öwüşginde dikeldilýär. Bu asylly işlere türkmen telekeçileriniň, işewür zenanlaryň mynasyp goşant goşmagy has-da buýsançlydyr. Şolaryň biri hem telekeçi zenan Ejebaý Kariýewadyr. Telekeçä degişli bolan “Mynasyp” tikinçilik öýünde çeper elli gyz-gelinler tarapyndan tikilýän owadan köýnekler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli guralýan baýramçylyk sergisinde mynasyp orun aldy.</span></p>
<p class="MsoNormal" style="mso-margin-top-alt: auto; mso-margin-bottom-alt: auto; text-align: justify; line-height: normal;"><span lang="EN-US" style="font-size: 16.0pt; font-family: 'Times New Roman',serif; color: #0d0d0d; mso-themecolor: text1; mso-themetint: 242; mso-ansi-language: EN-US; mso-fareast-language: TK;">Telekeçi zenanyň ýolbaşçylyk edýän “Mynasyp” tikinçilik öýünde häzirki wagtda buýurmalar boýunça zenanlarymyz üçin gündelik we toý köýnekleri, erkekler üçin kostýum-jalbarlar, köýnekler, boýunbaglaryň dürli görnüşi, çagajyklaryň eşikleri tikilýär. Aşgabadyň G.Kuliýew köçesiniň ugrundaky “Aýly-ýaz” binasynda ýerleşýän tikinçilik öýünde 3 sany bölüm, ýagny zenanlaryň lybaslary, erkek we çagalar üçin diýen bölümler hereket edýär. Lybaslar Türkiýeden getirilýän ýokary hilli matalardan tikilýär.<o:p></o:p></span></p>