
<p class="MsoNormal" style="mso-margin-top-alt: auto; mso-margin-bottom-alt: auto; text-align: justify; line-height: normal;"><span style="color: #0d0d0d; font-family: 'Times New Roman', serif; font-size: 16pt;">Ýurdumyzda meşhur aýakgap öndüriji kärhanalaryň biri hökmünde tanalýan “Röwşen” hususy kärhanasy hem dowamly gözlegleriň netijesinde, ýakynda täze önümçilikleri ýola goýdy. Sergide Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän kärhananyň “Röwşen” haryt nyşanly aýakgaplarynyň onlarça täze görnüşleri görkezilýär. Täze önümleriň hatarynda ýaz, tomus pasly üçin niýetlenen, dürli reňkli zenan aýakgaplarynyň, erkek adamlar we çagalar üçin sport aýakgaplarynyň täze görnüşleri bar. Bu önümler ýokary hili, rahatlygy we nepis biçüwi bilen tapawutlanýar.</span></p>
<p class="MsoNormal" style="mso-margin-top-alt: auto; mso-margin-bottom-alt: auto; text-align: justify; line-height: normal;"><span lang="EN-US" style="font-size: 16.0pt; font-family: 'Times New Roman',serif; color: #0d0d0d; mso-themecolor: text1; mso-themetint: 242; mso-ansi-language: EN-US; mso-fareast-language: TK;">Ýaz we tomus aýakgaplary öndürilende, deri has inçe işlenýär we howa geçirmegi üçin ýörite bezeg deşijekleri bilen bezelýär. Şeýle hem aşaky daban böleginiň ýuka we maýyşgak bolmagyna üns berilýär. Bu ýörişiň has ýumşak bolmagyny üpjün edýär. “Röwşen” haryt nyşany bilen iş, okuw, sport, gündelik, umuman, durmuşyň ähli ugurlary boýunça aýakgaplaryň onlarça görnüşleri öndürilýär. Kärhanada öndürilýän köp görnüşli aýakgaplaryň içinde zenanlar üçin niýetlenen ýuka deriden tikilen iş we sport aýakgaplaryny, üsti açyk hem-de ýarymçepek görnüşli, ökjeli aýakgaplary mysal getirmek bolar. Aýakgap önümçiliginde tebigy çig malyň, ýagny deriniň peýdalanylýandygyny aýratyn bellemeli.<o:p></o:p></span></p>